Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda bolan duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň häzirki wagtdaky ýagdaýy hem-de mümkin bolan ugurlary hem nygtaldy.