Türkmen we eýran wekiliýetleri «Artyk» gümrük nokadynda duşuşdylar

17:0018.01.2024
0
39770
Türkmen we eýran wekiliýetleri «Artyk» gümrük nokadynda duşuşdylar
Surat: customs.gov.tm

16-njy ýanwarda Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Artyk» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýranyň serhet edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa «Lutfabad» gümrük nokadynyň başlygy jenap Korban Karimi ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümi gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekillerinden, şeýle hem «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň müdirinden ybarat boldy. Mundan başga-da, ýygnaga Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly (Maşat şäheri), şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýatyndaky wekili gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar «Artyk—Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şu nukdaýnazardan, «Artyk—Lotfabad» gümrük nokatlarynyň işgärleriniň iş wagtyny köpeltmek, sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesi hem-de ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi. Gümrük nokatlarynyň arasyndaky ýoluň Eýran bölegini abatlamak meselesi hem gozgaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň