«Soltan» restorany myhmanlaryna islendik görnüşde we dürli bahalardan sargyt edip boljak tortlaryň hem-de süýjülikleriň giň görnüşini hödürleýär. «Soltanyň» süýjülikleri baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp jemlemesi ýa-da günortanlyk çaýynyň datly tagamy bolar.
Tortlar we desertler taýýarlanylanda restoranyň hünärmenleri diňe süýjüligiň ýokary hilini we özboluşly tagamyny kepillendirýän täze hem tebigy, saýlanan goşundylary ulanýarlar. Restoranyň tort assortimentinde klassiki süýjülikler bilen birlikde, özbaşdak taýýarlanan täze datly tortlar hem bar.
Şeýle hem bu ýerden tortlary öz islegiňize laýyk gelýän görnüşde sargyt edip bilersiňiz. «Soltan» restorany bişirmesi has çylşyrymly bolan tortlary hem sargydyna taýýarlamaga hemişe taýýardyr. Bu tortlar islendik göwrümde, görnüşde we dizaýnda bolup biler.
«Soltan» restoranyndan tort sargyt etmek üçin giňişleýin maglumatlary şu telefon belgileri arkaly gyzyklanyp bilersiňiz: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.
Restoranyň ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, № К 1 dükany.
Şeýle-de okaň: