Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Pakistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 19 million 446 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 28 million 902 müň 500 manatlykdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, el halylary we dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.
Soňky habarlar
Arhiw
TDHÇMB-niň geçen hepdedäki söwdalarynda 33 geleşik hasaba alyndy
13:3115.01.2024
0
24065
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň