2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly tölegler we tutumlar meselesi boýunça Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Uzdaily» habar berdi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin tölegleri kämilleşdirmek, şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinde halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara wiza almak düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnama gol çekişmek işini çaltlaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy Özbegistanyň rugsatnamalaryň şol wagtyň özünde elektron çalşylmagyny üpjün edýän E-rugsatnama ulgamyna geçiş tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.
Taraplar geljekde ýokarda agzalan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça öňde durýan esasy wezipeleri kesgitlediler.