Soňky habarlar

Arhiw

XVI asyrda çekilen suratda dinozawrlaryň şekillerini tapdylar

11:2711.01.2024
0
28136
XVI asyrda çekilen suratda dinozawrlaryň şekillerini tapdylar
Surat: mir24.tv

Sungaty öwrenijiler Galkynyş döwrüniň flamand suratkeşi Piter Breýgeliň Ulusynyň «Saulyň janyna kast etmegi» diýen nakgaşlyk işindäki geň jandarlary öwrendiler.

Öň internetden peýdalanyjylar 1562-nji ýylda çekilen bu suratda dinozawrlaryň bardygyny ýazypdylar.

Eserde yzky planda uzyn boýunly, daýaw haýwanlary münüp çapyp barýan adamlar şekillendirilipdir. Olar dinozawrlary ýatlatman hem duranok.

Emma resmi ylym dinozawrlary 300 ýyl soň beýan edipdi. Breýgeliň döwründe hiç kim olar barada bilmeýärdi.

Alymlar bu syryň sebäbiniň ýönekeýdigini aýdýarlar, ýagny olar suratkeşiň düýeleri şekillendirmek isländigini nygtaýarlar. Emma nakgaş hiç wagt düýeleri görmänsoň, olar eserde düýbünden başgaça görkezilipdir. Düýeler, hakykatdanam, «Injilde» Saul patyşanyň taryhynda ýatlanylýar diýip, «IFL Science» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň