Emeli aňyň ösüşi bütin dünýäde iş orunlarynyň tas 40 göterimine galtaşar diýip, «24KZ» habar berýär. Ilkinji nobatda bu tehniki we seljeriş kärleri bolar. Halkara Pul Gaznasynyň täze barlaglarynda emeli aňyň işgärleriň ornuny eýelemeginiň, esasan, bu ugurlarda hünärmenleriň ýetmeýändigi bilen baglydygy bellenýär.
Golaý 5 ýylda EA-nyň çalt ösmegi sebäpli dünýäde 83 million iş orny kemeler, ýöne 69 million sany täze iş orny peýda bolar.
Netijede, öňki kebşirleýjiler we marketologlar programmalaşdyrmak ulgamyna işe geçerler. Emma hünärmenler şunda gumanitar we sosial ylymlaryň ulgamlarynyň emeli aňyň täsirinden daşda galjakdygyny belleýärler, munuň sebäbi bu ugurlarda, şol sanda ýolbaşçylyk etmekde tehnologiýalaryň ýetmeýänligidir.