Günorta Koreýada Seulyň metrosynda oturmak üçin orunsyz wagonlar işläp başlady, bu ýolagçylaryň sanyny artdyrmak hem-de metronyň ýüküni ýeňletmek üçin edildi diýip, «Sedaily» habarlar portalyna salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.
Bu wagonlarda ýolagçylaryň sanyny artdyrar, netijede ýolagçy dyknyşygyny 40 göterim azaldar diýlip garaşylýar. Täze wagonlarda tutawaçlaryň sany köpeldildi, şeýle hem gartaşan adamlar, maýyplar we hamyla zenanlar üçin oturgyçlar göz öňünde tutuldy.
Emma şeýle wagonlaryň gatnawa çykarylmagyny ýolagçylaryň ählisi oňlap duranok, olar munuň jüpüne düşmedik çözgütdigini aýdýarlar.
Eger täze girizilen düzgün ýolagçy gatnawyny ýeňilleşdirmäge ýardam etse, bu maksatnamany giňeltmek göz öňünde tutulýar.