Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

11:3909.01.2024
0
17690

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi.

Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň demirýol müdirliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň ilçisi Owganystanyň çäginde amaly işlere başlamak üçin ýer böleginiň kesgitlenmegi bilen gyzyklandy.

Ýadymyzda bolsa, dekabr aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatyna baryp görüpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň