Bişkek şäheriniň merkezi meýdançasynda ýurduň täzelenen baýdagy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň başlygy, döwlet sekretary, käbir edaralaryň ýolbaşçylarydyr deputatlar gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berdi.
Täze baýdak öňküden Gün şöhleleriniň görnüşi boýunça tapawutlanýar, olar indi baýdakda tolkun şekilli däl-de, göni suratlandyrylypdyr. Şeýle hem merkezi bölekdäki ak öýüň tüýnüginiň tärimleri-de köpeldildi, olar öň üç bolan bolsa, indi dört.
Gyrgyzystanyň döwlet nyşanynyň üýtgedilmegi boýunça kanuny ýurduň Mejlisi geçen dekabryň ahyrynda kabul etdi. Resminama Prezident Sadyr Žaparow gol çekdi, Ministrler Kabineti bolsa, täzelenen baýdagyň tehniki aýratynlyklaryny tassyklady.