Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK — Türkmenistanda elektrotehniki önümleri öndürýän ygtybarly kärhana

12:3408.01.2024
0
31706

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy Türkmenistanda elektrotehniki önümleri öndürýän öňdebaryjy hem-de ygtybarly kärhanalaryň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda kärhana enjamlaryň we önümleriň köp sanly görnüşlerini, şol sanda şu önümleri hem hödürleýär:

- 0,4 kW çenli naprýaženiýede ulanmak üçin niýetlenen we 50 Hz ýygylykly RPS 1-100A, RPS 2-250A hem-de RPS 2-400A haryt nyşanly tok öçürijileri; tok üçin);

- transformator we yşyklandyryş stansiýalary üçin paýlaýjy şkaflar;

- R-1000 we RPS öçürijiler, bolt gurnamalary, 1 kW çenli nominal naprýaženiýeli transformatoryň giriş we çykyş kontaktlarynyň düzüm bölekleri.

«Nebitmaş» DK müşderilere hödürlenýän önümleriň we hyzmatlaryň hiline aýratyn üns berýär. Ähli önümler häzirki döwrüň standartlaryna we aýratynlyklaryna laýyklykda öndürilýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy türkmen hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge isleg bildirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş, 2008-nji köçe, 6-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň