Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazçykaryş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan kuwwatly buldozerleriň birbada 30-sy gelip gowuşdy. Bu barada «Balkan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ozal baglaşylan şertnama laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyndan gelip gowşan bu kuwwatly buldozerler trestiň nebitgazly ýataklaryny özleşdirmekde, ýagny uglewodorod çig malyna baý ojaklardaky dürli desgalarda gurluşyk-gurnama işleri, ýangyç geçirijileriniň gurluşygynda turbalary çekmek we olaryň üstüni toprak bilen örtmek, baýlyklar mesgenlerine barýan ýollary gurmak, ozaldan bar bolan ýollary çäge syrgynlaryndan arassalamak we buraw desgalarynyň oturdylan meýdançalaryny talabalaýyk taýýarlamak ýaly birnäçe möhüm işlerde giňden peýdalanylar.