Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlagyny iberdi

05:1830.12.2023
0
36189

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gutlag haty "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

«Tamamlanyp barýan ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürildi. Syýasy dialog dowam etdirildi, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň oňyn netijeleri gazanyldy» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Rus Lideri şeýle-de iki dostlukly halkyň, Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işiň dowam etdiriljekdigine umyt edýändigini hatynda belleýär.

«Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine iberen hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň