Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Tennis federasiýasy taryhynda ilkinji gezek türkmenistanly hünärmeni wise-prezidentlige saýlady

21:2319.12.2023
0
22514

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow şol bir wagtyň özünde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň prezidentiniň (ATF) orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şeýlelikde, ol mundan beýläk yklym federasiýasynyň dolandyryş bölüminde hem işläp başlar. Türkmen sportunyň taryhy üçin aýratyn möhüm waka ATF-iň Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen maslahatynda bolup geçdi.

Aziýanyň Tennis federasiýasy 1958-nji ýylda döredilen we Halkara Tennis federasiýasyna (ITF) bagly söwda maksatly bolmadyk guramadyr. Federasiýanyň esasy maksady biziň yklymymyzda tennis sportuny ösdürmek bilen bagly.

Federasiýanyň wise-prezidentligi üçin geçirilen ses berlişikde 53 agzanyň 41-si türkmenistanly hünärmeni goldap ses berdi. Gazagystanly Ýuriý Polskiý bolsa 34 ses alyp, öňümizdäki 4 ýyllyk möhlet üçin federasiýanyň prezidenti wezipesine saýlanyldy. Mundan öň ol federasiýanyň wise-prezidenti wezipesini alyp barypdy. Biziň ildeşimiz hem öz wezipesini 4 ýylyň dowamynda alyp barar.

ATF-iň täze saýlanan dolandyryş toparynyň ilkinji maslahaty geljek ýylyň 23-nji ýanwarynda Uly tuwulga tapgyrynyň bir menzili bolan Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň çäginde geçiriler.

Federasiýanyň täze wise-prezidenti Eziz Döwletowyň 2024 ― 2025-nji ýyllar aralygynda ITF-iň «Masters» tapgyry üçin komitetine hem agza saýlanylandygyny aýtmak gerek. Bu komitet ITF-iň düzümindäki komitetleriň arasynda iň abraýlysydyr. Türkmenistanly hünärmen onuň düzümine agza bolmak bilen, Ýer ýüzüniň iň iri tennis baýramçylyklaryny geçirmek meselelerinde çözgütleri kabul etmäge gatnaşar.

Sport ussady Eziz Döwletow häzir 33 ýaşynda. Ol Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebiti boýunça geçirilen ýaryşlarynda birnäçe gezek üstünlikli çykyş etdi. Eziz Döwletowyň başga-da köp sanly halkara üstünlikleri bar. 2018-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda baş kätip bolup işlän hünärmen 2021 ― 2022-nji ýyllarda bu guramanyň prezidentiniň orunbasary bolup işledi. Geçen ýyldan bäri bolsa ol federasiýa ýolbaşçylyk edýär.

Şeýlelikde, milli federasiýalaryň 54-sini özünde jemleýän ATF taryhynda ilkinji gezek türkmenistanly hünärmeni şeýle jogapkärçilikli wezipä saýlady. Munuň özi biziň ýurdumyzda tennisiň okgunly ösdürilişine berilýän ýokary bahadyr. Abraýly halkara guramada wekilimiziň bolmagy geljek ýyllarda ýurdumyzda tennis boýunça iri ýaryşlaryň geçirilmegine hem ýardam berip biler.

Türkmenistan bu babatda üstünlikli ädimleriň birnäçesini ätdi. Şu ýylyň iýun aýynda 12 ýaşdan kiçi tennisçileriň arasynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň birinjiligine halkara giňişlikde ýokary baha berildi. Ýaryşdan bary-ýogy üç aý soňra ― sentýabr aýynda ITF-iň Meksikanyň Kankun şäherinde geçirilen maslahatynda bu ýaryşyň halkara talaplaryna doly laýyk gelendigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň