Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi we onuň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.