Gyrgyzystanda Halk gurultaýy dowam edýär

11:5716.12.2023
0
21753
Gyrgyzystanda Halk gurultaýy dowam edýär
Surat: currenttime.tv

Düýn, anna güni Gyrgyzystanyň paýtagtynda ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda iki günlük Halk gurultaýy başlandy diýip, «Kazinform» habar berýär.

Gurultaýa 700 wekil gatnaşýar, olaryň 640-sy Respublikanyň ähli sebitlerinden gelen wekiller, etniki toparlaryň 30 wekili, daşary ýurtlarda zähmet çekýän gyrgyzlaryň wekilleriniň 30-sy, şeýle-de Žogorku Keneşiň wekilleri, Ministrler Kabinetiniň agzalarydyr döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleridir. Olaryň arasynda 60 töweregi zenan bar, iň ýaş wekil 25 ýaşynda, iň uly ýaşly wekil 80 ýaşynda.

Ikinji Halk gurultaýynda gutlag sözi bilen GR-iň Prezidenti Sadyr Žaparow çykyş etdi. Ol çykyşynda ýylyň jemlerini jemläp, geljek ýyla dahylly maksatnamalar bilen tanyşdyrdy. Žaparowyň sözlerine görä, döwlet bu ýylda, esasan, durmuş ugrunda uly işleri bitirdi. Çet etraplarda onlarça mekdeplerdir çagalar baglary guruldy. Bişkekde we Oş şäherlerinde ipoteka karzly köp gatly jaýlar gurlup, raýatlara paýlandy. Ýurtda 30 sany kiçi suw elektrik beketlerini gurmak meýilleşdirilýär.

Ýurduň ykdysady ösüşi barada Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow hasabat berdi.

Gurultaý şu gün öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň