Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Joma-Sport» dükanyndan türgenlere we sporty söýüjilere sowgat bermek ideýalary

17:5115.12.2023
0
43695

Eger siz sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň alyp barýan ýa-da sport bilen meşgullanýan adama sowgat bermek isleseňiz, onda onuň gyzyklanmalaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutmaly bolarsyňyz. Ýörite «Turkmenportal» web saýtynyň okyjylary üçin Ispaniýanyň «Joma» sport egin-eşikleri brendiniň resmi wekili Türkmenistanda diňe bir ýetip gelýän Täze ýyl baýramy üçin däl, eýsem beýleki baýramçylyklar üçin hem ajaýyp sowgat bolup biljek harytlarynyň sanawyny düzdi:

Sport eşikleri, aýakgap we termogeýim. Bu islendik adama türgenleşikler ýa-da ýaryşlar üçin peýdaly boljak özboluşly sowgatlykdyr. «Joma» kompaniýasy futbol we basketbol ýaly oýunlardan başlap, ýeňil atletika we tennis ýaly ähli sport görnüşleri üçin niýetlenen dürli görnüşli geýimleri hödürleýär. Brendiň önümleri hem höwesjeň türgenler, hem professional türgenler üçin niýetlenendir.

«Türgenleşigiň we türgenleriň başarnyklary özleşdirmeginiň hili köp babatda zerur bolan enjamlara hem-de ýörite geýimler bilen üpjünçilige bagly. Sportuň käbir görnüşlerinde bolsa bu hili geýimler üstünlik gazanmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär» – diýip, «Joma» dükanynyň wekili belleýär.

Sport enjamlary türgen üçin hakyky arzuw edýän sowgady bolup biler. Mysal üçin, eger ol welosiped sürmek bilen meşgullanýan bolsa, onda oňa Çehiýanyň «Author» kompaniýasynyň welosipedleri we esbaplary sowgat hökmünde ajaýyp saýlaw bolar. «Author» tigirleriniň assortimentinde şäher şertlerinde, çagylly ýollarda sürmäge niýetlenen, zenanlar, çagalar we ýetginjekler üçin göz öňüne tutulan welosipedler, şeýle-de özünde dag hem-de şäher şertleriniň tigirleriniň aýratynlyklaryny jemleýän elektrik we gibrid welosiped modelleri bar.

Basketbolçylar üçin ýokary hilli «Peak Basketball» basketbol sport aýakgaplary ajaýyp sowgat bolup biler. Bu aýakgaplaryň şu hili artykmaçlyklary bar: materiallaryň ýokary hilliligi we taýýarlanyş ussatlygy, dem alýan ýokary gatlagy, çydamly rezin dabanlygy, «Peak Stabilization» tehnologiýasy, oňaýly we ygtybarly bagjyklary, barmaklaryň ýörite goraglylygy.

Umumy sowgatlar: sport sagatlary, sumkalar, ellikler, şapkalar, bafflar, simsiz nauşnikler, ýokary tehnologiýaly materiallardan dokalan joraplar we başga sowgatlyklar.

Sport enjamlaryny satyn almak üçin sertifikat — bu özbaşdak islendik zerur zadyňy saýlap almaga mümkinçilik berýän utulyşsyz baýrak gazanmak mümkinçiligidir. «Joma» sport brendiniň dükanynda 500, 1000, 2000, 5000 we 10 000 manatlyk sowgatlyk sertifikatlary alyp bilersiňiz.

«Joma» brendiniň sport egin eşikleriniň we esbaplarynyň Aşgabatda resmi dükany şu salgyda ýerleşýär: «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, dükan №24.

Habarlaşmak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň