Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

14:0312.12.2023
0
19533
Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: mfa.gov.ir

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amirabdollahianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, 11-nji dekabrda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlary barada maslahatlaşyldy. Taraplar, şeýle-de sebit we halkara syýasatynyň käbir meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Eýranyň baş diplomaty iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak ýyllary nazarlaýandygyna ünsi çekip, eýran-türkmen serhedini dostluk serhedi diýip atlandyrdy. Şunuň bilen birlikde, Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky köp ugurly gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri dekabr aýynyň başynda Hazarýaka ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçirilen mejlisiniň çäginde eýranly kärdeşi bilen geçiren gepleşikleriniň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasan-da, energiýa, gaz we üstaşyr-ulag ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigine üns çekildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlarda giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji dekabrda gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, Ahmet Kakabaýewiç Gurbanow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň