Turkmenportal logo
04.12.23
3796937969
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habaryna görä, R.Meredow Hazar ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda boljak duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy. Ol S.Lawrow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini, şol sanda halkara giňişlikde özara gatnaşyklary we ýakyn wagtda boljak duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdy.


Iki ýurduň daşary işler ministrleri türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


Taraplar bilim we medeni taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.


Russiýanyň daşary işler ministri 11-nji dekabrda Aşgabatda boljak Bitaraplygyň dostlary toparynyň indiki duşuşygynda rus tarapynyň hem wekilçilik etjekdigini belledi.