Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 24-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen oýnunda «Ahal» «Köpetdagy» kabul etdi.
Oýnuň birinji ýarymynda ýer eýeleri garşydaşyň derwezesine iki sany jogapsyz top ýollady. Şol gollaryň ikisi hem Begenç Mämiýewiň adyna ýazyldy. Ikinji ýarymda toparlaryň hersi bir gezekden gol urdular. 75-nji minutda Gurbanmuhammet Esenow Serdar Geldiýewiň tälim berýän toparynyň hasapdaky artykmaçlygyny üç topa çykaran bolsa, «Köpetdagyň» ýeke-täk goly 90+3-nji minutynda Batyr Täçnazarow tarapyndan derwezä ýollandy.
Şeýlelikde, «Ahal» 3:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, üçünji orun bilen aratapawudy iki utuga çenli azaltdy. Şeýle-de, «Ahalyň» hasabynda bir sany ätiýaçdaky oýun hem bar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň çempionatynyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda «Arkadag» topary çempionlygy, «Altyn asyr» bolsa kümüş medaly kepillendirdi.
Häzirki wagtda bürünç medal üçin göreş «Nebitçi» we «Ahal» toparlarynyň arasynda dowam edýär. «Nebitçiniň» hasabynda 21 oýundan soňra 34 utuk, «Ahalyň» hasabynda bolsa 20 oýundan soňra 32 utuk bar.