Top.Mail.Ru

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, 302 tussagyň günäsi geçildi

06:1112.12.2023
0
47756

Giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýurduň uly baýramlarynyň öň ýanynda, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi.

— Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň