Soňky habarlar

Arhiw

Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

12:0611.12.2023
0
14541
Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi
Surat: iirmfa.edu.tm

9-10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, institutyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çärelere diplomatik gullugyň işgärleri bilen birlikde, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, diplomatlaryň arasyndaky ýaryşlar sportuň iki görnüşi — woleýbol we küşt boýunça geçirildi. Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda 1-nji orna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgäri Kuwwat Reýimberdiýew, 2-nji orna Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili Çingiz Kakenow, 3-nji orna bolsa Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow mynasyp boldy.

Woleýbol ýaryşlarynda bolsa 1-nji orna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 2-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, 3-nji orna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň toparlary mynasyp boldular. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan diplomatlara hem-de diplomatik wekilhanalara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň