Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň Aşgabatda geçirilýän ýörite maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

05:2208.12.2023
0
26269
Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň Aşgabatda geçirilýän ýörite maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-9-njy dekabrda Aşgabatda «JemgyýetçiIik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär. Bu maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilmegine görä, döwlet Baştutany Gutlagynda şeýle belleýär:

«Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garaýarys.

Dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň arasynda pandemiýa we pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk we sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýär hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga giňden gatnaşýar. Biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Biz halkara gatnaşyklarda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ählumumy parahatçylygy, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga gönükdirilen esasy ýörelgelerine pugta eýerýäris. Bu Hereketiň gözbaşynda duran hem-de Ýer ýüzünde parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini halklaryň ykdysady taýdan gülläp ösüşi, abadan we bagtyýar durmuşy bilen mäkäm baglanyşdyran görnükli döwlet Baştutanlarynyň we işgärleriniň, dünýä derejeli syýasy liderleriň ýörelgelerine, aýratyn hem, bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklarydyr maslahatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňüni alyş, ulag, daşky gurşaw we ekologiýa, suw, medeniýet, lukmançylyk diplomatiýalary, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe süren we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan beýik başlangyçlarydyr taglymatlaryna hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we halklary ýakynlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýän möhüm şertler hökmünde garaýarys. Pandemiýa döwründe adamzadyň gabat gelen örän ýiti meseleleriniň özara baglanyşykly çözgütleri bilen bagly öňe sürlen taryhy tekliplerdir başlangyçlar Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň garaýyşlarynyň bitewüdigini, aýgytlydygyny we berkligini, ýokary ynsanperwer taglymatlaryň tutuş adamzat üçin gymmatlydygyny we zerurdygyny görkezdi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Milli saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan döwrebaplaşdyryp, lukmançylyk we derman senagatyny, ýerli çig malyň esasynda bejeriş serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürmegi işjeň ösdürmekde, häzirki zaman lukmançylyk we sanitariýa edaralaryny bina edip, ynsan saglygyny goramakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde biziň ýurdumyzda halkara ykrarnama mynasyp tejribe toplandy.

Biz daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlar we dünýä döwletleri, iri halkara institutlar, aýratyn hem, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunly gatnaşyklar esasynda has-da işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýäris. Dünýäniň köp sanly döwletinden, abraýly halkara guramalaryndan görnükli lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu maslahat hem uly gyzyklanma bildirilýän we ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşýan hormatly adamlar!

Sizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň