Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet portalynda 40 müňe golaý ulanyjy hasaba alyndy

14:2307.12.2023
0
33096

500 töweregi onlaýn hyzmaty hödürleýän Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk internet portalynda häzirki wagta çenli ulanyjylaryň 40 müňe golaý şahsy otagy hasaba alyndy.

Portalda Türkmenistanyň raýatlary üçin şu aşakdaky hyzmatlar elýeterlidir:

  • Ýaşaýyş-durmuş hyzmatlary üçin tölegleri tölemek,
  • Döwlet edaralaryna ýüztutmalary ibermek we kepilnamalary almak,
  • Jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri satyn almak,
  • Elektron kitaphana,
  • Bilim portaly we beýlekiler.

Şeýle hem bu saýtda gije-gündiziň dowamynda Türkmenistan şäherlerindäki howanyň ýagdaýy — howanyň temperaturasy, atmosfera basyşy, çyglylyk we ýeliň tizligi baradaky gündelik maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi goşuldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň internet portaly ýurduň ilatyna, telekeçilere we ýuridiki şahslara ministrlikler, pudak edaralary, hususy düzümler we guramalar tarapyndan hödürlenilýän elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär.
Portalyny ulanmak arkaly ulanyjylar dürli edaralara barmak, resminamalaryň göçürmelerini almak we nobata durmak ýaly hysyrdylardan halas bolmak bilen, öz wagtlaryny we maliýe serişdelerini tygşytlap bilerler.

Portalyň Android we iOS ulgamlarynda işleýän mobil goşundysy hem hereket edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň