Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

13:3006.12.2023
1
28510

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy. Serginiň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagy okaldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmelere bolan gyzyklanmasy, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga bolan islegi hem-de türkmen bazarynyň artykmaçlyklary Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynyň barha uzamagynyň kepilidir. Sergi üç günläp dowam eder.

Türkmenistanly we türkiýeli işewürleriň oňyn tejribeleri, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlary, Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny ynam bilen aýtmaga mümkinçilik döredýär diýlip, habarda bellenilýär.

Bu bolsa netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň