Soňky habarlar

Arhiw

Moskalkowa GDA-nyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň başlyklygyna saýlandy

14:0030.11.2023
0
23550
Moskalkowa GDA-nyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň başlyklygyna saýlandy
Surat: gazeta.ru

Russiýanyň adam hukuklary boýunça ynanylan wekili Tatýana Moskalkowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň başlygy wezipesine iki ýyl möhlet bilen saýlandy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

29-njy noýabrda Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň birinji ýygnagy geçdi. Komissiýanyň düzümine Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusuň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri girýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň