Kuraş boýunça dünýä çempionaty – 2019-yň altyn medalynyň eýesi, 52 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna wekilçilik edýän Aýnur Amanowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky çykyşyna hem ýeňiş bilen başlady.
Ýaryşa çärýek finaldan girişen türkmenistanly türgen moldowaly Wera Zoreany ýeňip, adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy. Bu bolsa Aýnuryň şu gezekki çempionatda hem azyndan bürünç medal gazanmagyny kepillendirýär.
Şu gün çempionatda agram derejeleriniň 8-si boýunça ýaryşlar geçirilýär. Günüň dowamynda geçirilen duşuşyklarda türkmen ýygyndysyndan Aýşirin Haýdarowa bilen Ruslan Esgerow ýarymfinala, Sanjar Abdyrahmanow bolsa çärýekfinala çykdy.