Kuraş boýunça Aşgabat şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aýşirin Haýdarowa çärýek finalda hindistanly Simran Simtany ýeňip, adyny ýarymfinala ýazdyrdy.
Şeýlelikde, türkmenistanly türgen gyz dünýä çempionatynda azyndan bürünç medal eýelemegi kepillendirdi.
Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Aýşirin geçen ýyl Hindistanda geçirilen dnüýä çempionatynda hem bürünç medal gazanypdy.