Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» we «Mary deri - aỳakgap» türkmen kompaniýalary Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionaty – 2023 üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler

12:0924.11.2023
0
44437

«Röwşen» we «Mary deri - aỳakgap» türkmen kärhanalary 23 – 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin bilelikde taýýarlanan ýörite sport aýakgaplarynyň toplumyny tanyşdyrdylar.

Toplum türgenler, lukmanlar, howpsuzlyk işgärleri, metbugat işgärleri, meýletinçiler we beýleki çempionata gatnaşyjylar üçin aýakgap nusgalaryny öz içine alýar. Aýakgaplar häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanylyp taýýarlanyldy, olar ýokary hili hem-de rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

«Röwşen» haryt nyşany 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda meşhurdyr. Şol döwrüň dowamynda moda aýakgap önümçiligine ýöriteleşen kärhana bazarda pugta orun eýeledi we müşderileriň ynamyny gazandy. Türkmen kärhanasynyň hödürleýän önümleriniň toplumy erkekler, zenanlar we çagalar üçin aýakgaplaryň dürli görnüşlerini, şeýle hem ýantorbalar, guşaklar we ellikler ýaly esbaplary öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň