Top.Mail.Ru

«Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlaryna täze harytlar gelip gowuşdy

10:5923.11.2023
0
27214

Aşgabatda ýerleşýän «Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlary diňe bir oňaýly gurşawy däl-de, eýsem häzirki zaman stilini halaýan adamlar üçin BAE-niň meşhur brendleriniň ýokary hilli önümleri bilen harytlarynyň hataryny doldurdy.

Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň hatarynda: modern stildäki lýustralar, dürli görnüşli spotlar, otag we daşky çyralar we bra çyralary bar. Şeýle hem «Hilli» jaý we howly üçin niýetlenen trek çyralary üçin trek relsler, haýatlar üçin ýörite çyralar we ş.m ýaly yşyklandyryş enjamlarynyň birnäçe görnüşlerini ýetirýär.

Klassik stildäki, şeýle-de loft, minimalizm, haý-tek stillerindäki täze model yşyklandyryş enjamlary islendik gurşawy ýa-da ýeri ajaýyp görnüşe getirer.

Dükanlaryň tejribeli satyjy-maslahatçylary alyjylara dürli ýerler we çäkler üçin, çyralaryň özboluşly ýagtylandyryş aýratynlyklary hem-de yşyklandyryş derejesi boýunça harytlary saýlap almaga giňden ýardam edýärler.

«Hilli» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlarynda ähli yşyk enjamlaryna 2 ýyldan 3 ýyla çenli kepillik berilýär, şeýle-de satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň çägine we beýleki welaýatlara eltip bermek hyzmaty guralýar. «Hilli» lomaý alyjylar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini hem göz öňünde tutýar.

Aşgabatdaky «Hilli» dükanlary alyjylara şu salgylarda garaşýar:

  • G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Hilli hyzmat» binasy;
  • G.Kulyýew köçesi, «Bedew» ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 53 55 22, 60 01 98.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň