Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat we Tähran gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler

12:0919.11.2023
0
34185

Aşgabatdaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde taraplar gaz hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

18-nji noýabrda bolan duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenistandan Eýrana çekilen gaz geçirijiler arkaly türkmen tebigy gazynyň iberilmegi boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Körpeje — Gurtguýy» gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy hem-de «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň eýran ugry boýunça iberilýän möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň ugur edinilmegi, bilelikdäki işiň netijesinde toplanylan tejribäniň doly herekete geçirilmegi, örän baý tebigy serişdeler we bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatlyklary bilen bilelikde iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň