Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maryda Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi

17:4717.11.2023
0
42945

Şu gün Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, ýurduň işjeň ýaşlaryny sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 140-sy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, şol ýyldan bäri hem beden we ruhy taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň