Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar

14:1516.11.2023
0
28225

Türkmenistanda

1. Atom energiýasy boýunça halkara agentlikde Türkmenistanyň ýadro heläkçiligi barada öňünden habar bermek konwensiýasyna we ýadro hadysasy ýa-da radiologiki adatdan daşary ýagdaýlara kömek bermek konwensiýasyna goşulmagyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu konwensiýalar Türkmenistan üçin tassyklama resminamalarynyň berleninden 30 gün soň güýje girer.

2. «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde sanly telefon ulgamyny we täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet toruny işe girizdi. GPON ulgamy (Gigabit passiw optiki tor) üçin stansiýa enjamlaryndan başlap, müşderiniň ýerleşýän ýerine çenli optiki süýmli aragatnaşyk kabelini birikdirip, bir kabeliň üsti bilen birnäçe aragatnaşyk hyzmatlaryny birbada almaga mümkinçilik berýär.

3. Şu gün Türkmenistanda ýaşlaryň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy badalga alýar. Bu forum mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Bu çäre Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň ýaş wekillerini, şeýle hem Merkezi Aziýa we Hytaý ýurtlary üçin Durnukly ösüş maksatnamasynyň ilçilerini birleşdirer.

4. Aşgabatda Koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkezinde türkmen-koreý medeniýetiniň baýramy geçirildi. Çärä merkeziň 50 töweregi okuwçysy oňa gatnaşyp, Koreýanyň sungatynyň dürli ugurlarynda özleriniň bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

5. Aşgabatda ýerleşýän «Veranda» restorany geçirilen düýpli abatlaýyş işlerinden soň, ýene-de gapylaryny giňden açdy. Restoran täze özboluşly stildäki dizaýna, ajaýyp tagamnama eýe bolmak bilen, indi bu ýerde tejribeli aşpez Jemşit Joraýew tagam taýýarlar. Jemşit bütin dünýäde giňden tanalýan baş aşpez Nüsret Gökçäniň okuwçysydyr. Ol bu ugurdan Stambulda ýörite okuw geçip, Aşgabada özboluşly aşhana stilini getirdi. Ussatlygy we her bir bölekleýin zatlara ünsli bolmagy Jemşidiň taýýarlaýan tagamlaryny has-da datly edýär.

Dünýäde

6. Bu gün jahanyň dürli künjeklerinde iň iri ýanardaglarda işjeňlik hasaba alynýar, olar jahankeşdeleriň arasynda meşhur ýerlerde ýerleşýär. Olaryň biri-de Islandiýada. Bu ýerdäki Fagradalsfýadl ýanardagy giden şäheri ýok edip biljek. Ýerli häkimiýetler bu ýerdäki Mawy aýlag şypahanasyny hem ýanardag çogmasy sebäpli ýapmaga mejbur boldular. Oňa her ýyl dünýäden millionlarça adam barýar.

7. Hytaýda toý suratlaryny ýok etmek işi barha meşhurlyga eýe bolýar. Toý suratlary, adatça, ýokary çydamlylykda we oda durnukly akril usullarda taýýarlanylýar. Netijede, aýrylyşýan jübütler köplenç bilelikde düşürilen suratlardan nädip dynmalydygyny bilmeýärler. Bu meseläni çözmek üçin hytaýly telekeçi Liu toý suratlaryny ýok etmäge ýöriteleşen özboluşly bir kompaniýany döretdi. Kompaniýa müşderileriň gizlinligini kepillendirýär we ähli ýok etmek prosesi surata düşürilýär. Hyzmatyň bahasy suratlaryň ululygyna baglydyr. Iň ýokary bahasy surat üçin 14 dollara barabar.

8. “Paramount Pictures” studiýasy we çagalar teleýaýlymy “Nikelodeon” “Baby Shark's Big Movie” atly doly göwrümli multfilmi çykarar. Multfilm YouTube-da iň köp görülýän wideo esaslanýar. Multfilmiň tanyşdyrylyşy 2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda bolar. Ol, ilki bilen, diňe “Paramount Plus” hyzmatynda elýeterli bolar. Täze hekaýada Baby Shark atly kiçijik akula, Çomp Siti akula şäherine syýahat edýär. Ol ýerde aýdym-saz ukybyny almaga synanyşýan deňiz pop ýyldyzy bilen tanyşýar.

Sport täzelikleri

9. Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Türkmenistanyň ýygyndysy bilen geçiriljek oýnuň öňüsyrasynda “Aşgabat” köpugurly stadionynda açyk türgenleşik geçirdi. Özbegistanyň milli ýygyndysynyň düzümindäki ýyldyz futbolçylar ilkinji minutlardan Aşgabat stadionynyň meýdançasynda peýda boldular. Olaryň hatarynda Italiýanyň “Cagliari” klubunyň hüjümçisi Eldor Şomurodow, Moskwanyň “SSKA” toparynyň futbolçysy Abbosbek Faizullaew, Moskwanyň “Spartagynyň” öňki ýarymgoragçysy, häzir “Navbahorda” oýnaýan Oston Urunow we beýlekiler bar.

10. Şu güýzde Çempionlar ligasynyň toparçasynda Kazanyň “Rubininiň” Barselonadan üstün çykmagyna 14 ýyl bolýar. Kazanyň öňki derwezeçisi Nukri Rewişwili “Rubiniň” taryhyndaky bu täsirli üstünligi ýatlaýar. “Biziň ählimiz oýun başlamanka ýeňiljekdigimize ynanýardyk. “Kamp Nou-da” biziň ýeňiş gazanjagymyza diňe Berdiýew ynam bildirýärdi. Ol garşydaş topary örän inçelik bilen seljerdi. Ýigitler meýdança girenlerinde, eýýämden Messi, Alwes, Ibrahimowiç ýaly futbolçylara garşy nädip oýnamalydygyny bilýärdiler. Duşuşykdan soň eşik çalşyrylýan otagda biziň ählimiz nämeleriň bolup geçenine düşünip bilmeýärdik. Soň bolsa ýüzi şatlykly Berdiýew girdi-de, oglanlara ýüzlendi: “Ýigitler, näme üçin otursyňyz? Siz şu wagt Barselonany ýeňdiňiz!» diýip, Revişwili ýatlamalaryny paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň