Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda sanly telefon ulgamy we GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar

17:5915.11.2023
0
49231

«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň gündogar sebitinde sanly telefon ulgamyny we täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan internet toruny işe girizdi.

GPON ulgamy (Gigabit passiw optiki tor) üçin stansiýa enjamlaryndan başlap, müşderiniň ýerleşýän ýerine çenli optiki süýmli aragatnaşyk kabelini birikdirip, bir kabeliň üsti bilen birnäçe aragatnaşyk hyzmatlaryny birbada almaga mümkinçilik berýär.

«Marytelekomda» belleýişleri ýaly, indi welaýatyň ýaşaýjylary üçin GPON tehnologiýasy arkaly ýokary hilli telekommunikasiýa hyzmatlarynyň üç görnüşinden: sanly telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we internet hyzmatlaryndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.

Ýeri gelende bellesek, abonentlere GPON tehnologiýasyny ulanmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmegi häzirki wagtda dünýäniň iri telekommunikasiýa operatorlary üçin esasy ugurdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň