Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular

12:5815.11.2023
0
42566

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri «Türkmentel – 2023» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde 2-nji ýeri eýeledi.

Hususan-da, «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Sanly ulgam maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Muhammetdurdyýew özüniň taýarlan «Edara-kärhanalarda awtoulag parkyny sanly ulgamyň kömegi bilen dolandyrmak» atly programma üpjünçiligi bilen bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy.

Bu programma üpjünçiligi awtoulag parkyny we awtoulag serişdelerini bir penjireden dolandyrmak üçin wideo gözegçiligini hem-de emeli intellekti peýdalanýar. Ol girýän-çykýan awtoulaglary anyklamaga, şol bir wagtyň özünde olar baradaky maglumatlary SMS-serwisi arkaly dolandyryş nokadyna habar bermäge, awtoulag serişdeleriniň gündeki harçlaýan ýangyçlaryny, gerekli bolan ätiýaçlyk şaýlaryny hasaba almaga we hasabatlary ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Internet bölüminiň hünärmeni Ahmet Batyrow özünüň taýarlan «Sanly ulgamly täze anyklaýyş enjamy» atly taslamasy bilen ikinji orny eýeledi. Bu enjam adamyň gan basyşyny, ýürek uruş ritmini, otagyň tempraturasyny we çyglylygyny, howanyň düzümini hasaplap, soňra bu maglumatlary internet tory arkaly smartfona ýa-da kompýuter ulgamyna geçirýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan sanly tehnologiýalar ulgamyna degişli taslamalar pudagyň işgärleriniň ýokary tehniki mümkinçiliklerini we hünär derejelerini ýene bir gezek tassyklaýar. Emeli intellekte we bulut serwislerine esaslanýan şeýle çözgütleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet edaralaryny hem-de guramalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň