Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi

09:3914.11.2023
0
19262

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagda şeýle diýilýär:

— Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Öz gözbaşyny gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz hem täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, tomaşaçylar bilen ysnyşykly gatnaşyk etmegiň döwrebap usullaryny özleşdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesi esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün diňe bir ykdysady kuwwaty bilen däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem dünýäde ykrar edildi. Türkmenistan sebitde giň medeni täsirleşmeleriň we özara baýlaşmagyň merkezine öwrülip, öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şonuň bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam edýän iri halkara medeni forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy aýratyn guwandyryjy wakadyr.

Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly hem ynsanlaryň köňüllerini birleşdirer, adamlary birek-birek bilen ýakynlaşdyrar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berer. Dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini subut edýän bu halkara festiwalyň işiniň üstünlikli geçjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly dostlar!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy-medeni köklerini, ajaýyp teatr sungatyny, milli medeniýetini we nusgalyk ruhy gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmakda bu halkara teatr festiwalynyň ähmiýeti örän uludyr. Dünýäniň, şol sanda sebitiň sungat ussatlarynyň, dramaturglarynyň, alymlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň meşhurlygy, abraýy, derejesi örän ýokarydyr. Onda teatr, aýdym-saz we tans sungatlarynyň, jemgyýetiň umumy intellektual derejesiniň ähli inçelikleri öz beýanyny tapar. Berkarar Watanymyzda geçirilýän bu halkara festiwal şöhratly taryha, medeni mirasa örän baý türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýeten derejesini açyp görkezýän özboluşly baýramdyr. Şeýle halkara festiwallar ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýetleri, häzirki zaman teatr sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna uly ýardam berýär. Medeniýet, sungat we teatr işgärleriniň gözýetiminiň giňelmegine, iş tejribeleriniň has-da kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär.

Soňky ýyllarda dostlukly halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşýandygyny bellemek ýakymlydyr. Bu teatr festiwalynyň geçirilmegi doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky ruhy-medeni gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny, medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen teatry hem ýaş nesli ahlak taýdan terbiýeleýän, halkymyzy dünýä we milli ruhy genji-hazynalarymyz bilen tanyşdyrýan medeniýet ojagy bolmak wezipesini dowam etdirýär. Bu halkara teatr festiwalynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem ähli ugurlardaky ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çäre boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!

Sizi «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, dünýä medeniýetiniň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňiziň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň