Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy

09:3609.11.2023
0
22729
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary başlandy
Surat: uza.uz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy.

Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

«Türkmenistan» gazetiniň elekron nusgasynda habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşkende saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de döwlet Baştutany YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde çykyş edip, bu halkara guramanyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan eder.

Maglumat hökmünde bellesek, 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredilen bu iri guramanyň agzalygyna 1992-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň kabul edilmegi bilen, ol öz gerimini giňeldip, işini has-da ilerletdi. Guramanyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary agza döwletleriň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, olaryň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny gazanmakdan, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmakdan, şeýle-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň