Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Nippon» gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory kabul edildi

17:5307.11.2023
0
33808

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen «Nippon» gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar «Nippon» gaznasynyň «JACAFA», «NipCA», «Read Japan» we ş.m. taslamalar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.

Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň