«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň harytlary ibermek boýunça «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmaty türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir we diňe bir adaty sarp edijiler tarapyndan däl, eýsem, döwlet kärhanalary, hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri tarapyndan hem giňden peýdalanylýar, çünki bu hyzmat olar üçin yzygiderli dowamlylykda zerurdyr.
Çaparçylyk hyzmatynyň esasy artykmaçlyklary:
- poçta ýollamalaryny we ýükleri gönüden-göni iberijiden alyja eltip bermek;
- rahatlyk we wagt tygşytlylygy, ýagny poçta bölüminde nobata durmagyň ýa-da resminamalaryň işlenmegine garaşmagyň zerurlygy ýok, çünki olar eýýäm doly taýýar edilen we diňe kwitansiýa gol çekmek ýeterlikdir;
- ýüküň howpsuzlygy, ýolda wagtynda oňa seresaplylyk we aýawlylyk bilen çemeleşilýär;
- goşmaça hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi.
Çaparçylyk gullugy islendik bukjalary, ýollamalary we ýükleri Türkmenistanyň ähli künjeklerine iberilýän ýerine garamazdan – müşderi üçin amatly ýere – öýüne, iş ýerine ýa-da başga nokatlara gysga wagtda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
«Türkmenpoçta» kompaniýasy çaparlary taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýär, olaryň borçlaryna şular degişlidir: operatiwlik (tizlik), gizlinlik, jogapkärçilik we aragatnaşyk başarnygy. Harytlary eltip bermek boýunça çaparçylyk gullugynyň hünärmenleri bu ugurda işlemegiň ähli talaplaryny bilýärler. «Türkmenpoçtanyň» işgärleriniň akýürekliligi we jogapkärçiligi netijesinde her bir müşderi özüne hoşniýetlilik hem-de hormat bilen çemeleşilýändigini duýýar.
Çapary kompaniýanyň saýtynda ýa-da (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi, şeýle hem «Çapar» ykjam programmasy arkaly çagyrmak mümkindir, ykjam programmada ähli tölegler Türkmenistanda hereket edýän islendik bank kartynyň üsti bilen awtomatiki usulda amala aşyrylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary müşderileriň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýärler we kepillendirýärler.
«Çapar» ykjam programmasyny «Google Play-den» we «AppStore-den» ýükläp alyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: