Turkmenportal logo
13.09.23
4408344083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär
«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň poçta bölümleri arkaly pul geçirmek hyzmatlaryny hödürleýär.


Poçta bölüminiň üsti bilen pul geçirmek üçin pul iberiji pasportyny ýa-da şahsyýetini anyklaşdyrýan başga bir resminamasyny görkezmelidir.


Geçirim üçin ýygym


Pul serişdeleri geçirilende «Türkmenpoçta» geçirilýän puluň umumy möçberiniň 1-5%-i aralygynda ýygym tutýar:


- 1-den 1000 manada çenli — 5%;


- 1001-den 2000 manada çenli — 4%;


- 2001-den 3000 manada çenli — 3%;


- 3001-den 4000 manada çenli — 2%;


- 4001-den 5000 manada çenli — 1%.


Şeýle hem, poçta pul geçirimini resmi kagyzda resmileşdirmek hyzmaty üçin müşderiden 2 manat pul alynýar.


Bu hyzmat «Türkmenpoçtanyň» ähli bölümlerinde elýeterlidir.


Alyjy tarapyndan geçirilen pul alynmadyk ýagdaýynda hereketler


Eger-de, geçirilen puly almaly adamyň 30 senenama gününiň dowamynda özüne iberilen nagt puly almak üçin «Türkmenpoçta» bölümine gelmedik halatynda, pul serişdeleri iberilen poçta bölümine gaýtarylýar. Bu barada iberiji 5 günüň dowamynda habarly edilýär.


Eger iberijiniň hem poçta bölümine yzyna gaýtarylyp getirilen puly almaga gelmedik ýagdaýynda, poçta operatory talap edilmedik serişdeleri iberijä degişli habarnama bilen 3 (üç) ýyl möhlet bilen kompaniýanyň hasabyna geçirer.


Şeýle-de okaň: