Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň ýurtlaryna Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip etdi

17:1303.11.2023
0
29561

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy sammitindäki çykyşynda TDG-niň ýurtlaryna Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.

— Häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap ulag-üstaşyr we logistika ulgamyny döretmek wezipesi baş meseleleriň biri bolup durýar — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi we olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesiniň döredilendigini we häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýändigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa Azerbaýjana we Türkiýä uzaljak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagyň pikirine görä, aýdylan käbir mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän transhazar ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär.

— Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip edýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň