Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Resminama Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin tarapyndan gol çekildi.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda iki ýurduň daşary işler ministrleri söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, dowamly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy.
Şeýle-de Aşgabatda aşakdaky resminamalara gol çekildi:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Pusan milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylyk mekdebiniň we Koreýa Respublikasynyň Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy;
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.