«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy

11:3030.10.2023
0
47500

«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär.

Indi awiakompaniýanyň uçarlary Türkmenistana we yza duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bir gezek, çarşenbe we anna günleri iki gezek uçar.

Gyşky gatnaw tertibine geçilendigi sebäpli uçuşlaryň ugradýan wagty hem üýtgedildi.

Howa petekleriniň nyrhlary gidilýän gününe we beýleki faktorlara baglydyr. «Turkish Airlines»-iň web sahypasynda Aşgabatdan Stambula petegiň 437 dollar bahasy şu hepde «Iň oňat baha» hökmünde görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň