Top.Mail.Ru

«Zielinski & Rozen» parfýumeriýa öýüniň butigi müşderileri çagyrýar

11:4525.10.2023
0
22857

Türkmenistanda ilkinji gezek Ysraýylyň «Zielinski & Rozen» parfýumeriýa öýüniň flagman butigi gapylaryny giňden açdy. Butik Aşgabatdaky meşhur «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär. Binagärleriň esasy maksady häzirki zaman dizaýn meýillerini we türkmen senetçilik däplerini ulanmak arkaly Ýaffo atmosferasyny döretmek bolupdyr. Interýeriň konsepsiýasy «NB-Studio» binagärlik býurosyny esaslandyryjy, meşhur binagär Natalýa Belonogowa tarapyndan döredildi (studiýa Russiýanyň iň gowy 100-ligine girýär).

Butigiň girelgesinde tebigy türkmen garagaç agajyndan ýasalan uly mebelleri, gadymy aýnalary, türkmen gölli gyzyl ýüň halylary we elde ýasalan milli şaý-sepleri görmek bolýar. Ýüz ýyldan gowrak wagt bolan küýzeler bu ýere aýratyn özboluşly many goşýar — bularyň ählisi Türkmenistanyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Köneürgençden getirildi.

Butige gelen her bir adam diňe bir ysraýyl we türkmen äheňleriniň sazlaşygyny duýman, eýsem «Zielinski & Rozen» haryt nyşanly poçta gutusyndan öz ýurdunyň islendik şäherine hat ýollap biler. Bu haryt nyşanynyň butigini dörediji Erez Rozene gönüden-göni salgylanma bolup, onuň üçin esasy gymmatlyklaryň biri aragatnaşyk saklamak bolupdyr.

Bu ýerde tötänleýinden ýerleşdirilen zatlar ýokdur. Gurşaw ýer täsin syrly we şol bir wagtyň özünde-de öýüň aurasy bilen gurşalan, agaç şkaflaryň sag tarapynda bize çagalykdan mälim bolan ýuwalga gaby, çep tarapda bolsa milli türkmen matasy hem-de ejelerimiziň we enelerimiziň göteren horjunlary durýar. Beýleki tarapda bolsa — gadymy Merwden we Balkanabatdan getirilen köne sandyklar bar. Bezeg obýektlerinde ulanylan her bir bezeg elementi Türkmenistanyň dürli ýerlerinden ýygnalyp, ýurduň medeni gymmatlyklary bilen baglanyşyklydyr.

Butigiň ýerleşýän salgysy: «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat (aýlawdaky merkezi girelge). Telefon belgisi: 202-303.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Wideo: «Eurocosmetics.tm» — Ysraýylyň «Zielinski & Rozen» kosmetika brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili boldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň