Soňky habarlar

Arhiw

«Eurocosmetics.tm» — Ysraýylyň «Zielinski & Rozen» kosmetika brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili

14:1114.08.2023
0
41500

«Eurocosmetics.tm» kompaniýasy «Zielinski & Rozen» brendiniň Türkmenistandaky ýeke-täk resmi wekilidir.

«Zielinski & Rozen» — bu diňe bir parfýum öýi bolman, eýsem durmuş filosofiýasydyr. Kompaniýa 1905-nji ýylda dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biri bolan — Köne Ýaffoda esaslandyryldy. Brendiň taryhy Rozeniň maşgalasynyň — parfýumer-alhimik, Erez brendiniň esasy ideology we onuň aýaly Leýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu maşgala birek-birege joşgunly ylham berip, eýesiniň ajaýyp, özboluşly stilini we taryhyny beýan edýän uniseks atyrlaryny döredipdirler.

«Eurocosmetics.tm» kompaniýasynyň «Zielinski & Rozen» brendiniň Türkmenistandaky resmi wekili bolup durýandygyna bolsa Ysraýylyň kosmetika brendiniň web saýtyndan hem göz ýetirmek bolýar.

«Eurocosmetics.tm» dükanlar tory «Zielinski & Rozen» önümlerini Aşgabadyň iki nokadynda hödürleýär:

  • «Gülzemin» supermarketiniň 1-nji gatyndaky «Şerbet» SDAM, telefon belgileri (+993 60) 13 00 40;
  • «Aşgabat» SDAM-yň 1-nji gatyndaky B1-21 dükany, telefon belgileri (+993 12) 41 56 76.

Bulardan başga hem, «Eurocosmetics.tm» kompaniýasynyň öz web saýty we mobil goşundysy bolup, onuň sahypalarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň kosmetika we parfýumeriýa önümleri alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär.

«Eurocosmetics.tm-iň» ähli önümleri kepillendirilýär we gönüden-göni öndürijiden satyn alynýar. Bu bolsa öz gezeginde önümiň hil kepilligini aňladýar.

«Eurocosmetics.tm» ykjam programmasy «Google Play-de» we «App Store-de» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň