Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda aýdym-saz konserti bolar. 3-nji noýabrda — anna güni boljak konsert sagat 19:00-da başlar. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Koreýa Respublikasynyň «ONDO» (aýdymçy Çongseul) topary meşhur K-Pop aýdymlary bilen birlikde, dürli koreý aýdymlaryny ýerine ýetirer. Giriş mugt (käbir VIP ýerlerden başga).
Ozal Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisinde 1-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada habar beripdik.