Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow harby okuw türgenleşigini synlady

21:5321.10.2023
0
50571
Serdar Berdimuhamedow harby okuw türgenleşigini synlady
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow, harby okuw türgenleşigini synlamak maksady bilen, «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Kelete okuw-türgenleşik merkezinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Nobatdaky harby okuw türgenleşigine Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer, Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby howa, Harby deňiz we «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Şeýle-de harby gullukçylar watançylyk mazmundaky aýdymy belent heňde ýerine ýetirdiler. Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň rugsat bermegi bilen, harby okuw türgenleşigi başlandy.

Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, bu gezekki harby okuw türgenleşigi türkmen harby hünärmenleriniň ýerde, howada we deňizde söweş alyp barmak ukyplarynyň hem-de taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi. Görkezme söweş atyşykly harby okuw türgenleşiginde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot açyş ugurlary «Türkmen Älem» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen, göni aragatnaşykda, sanly ulgam arkaly ýörite ekranlarda görkezildi.

Bu gezekki görkezme harby okuw türgenleşigi ýurduň beýleki goşun galalaryndaky we Harby deňiz güýçlerindäki okuw merkezlerinde-de geçirilip, olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda, göni ýaýlym arkaly ýetirildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň şirin janlaryny aýaman, mundan beýläk-de Watanyň asudalygyny üpjün etjekdiklerine, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilen harby-söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Olaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Harby doktrinasynda ýurtda parahatçylygyň, asudalygyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagynyň esasy wezipedigini belläp, Milli goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, täze, döwrebap harby tehnikalar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet tarapyndan mundan beýläk-de yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen, ýurduň asudalygynyň goragynda duran harby gullukçylaryň ählisine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Watan goragçylary ýurduň parahatçylygyny, asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine kasam etdiler.

Ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby okuw türgenleşigini synlamaga gelendigi üçin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň