13-nji oktýabrda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň (Niderlandlar) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Agentligiň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda myhmanlar kompaniýa barada, onuň bäş yklymda ýerleşýän 35 gämi abatlaýyş kärhanasynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýanyň belli bir taslama laýyklykda ähli görnüşli gämileri gurýandygy bellendi.
Türkmen tarapy «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gazuw gämileriniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Kompaniýanyň wekilleri zawodda ýerli çeşmelerden peýdalanyp, gämi import etmegiň ykdysady taýdan özüne çekiji alternatiwa bolup biljekdigini bellediler. Ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde türkmen tarapy täjirçilik teklibini, şeýle hem gazuw gämisini gurmak üçin zerur enjamlar barada maglumat sorady.
Mundan başga-da, Lebap welaýatyndaky «Derýaýollary» paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk zawodynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.