Top.Mail.Ru

Türkmenistanda zyýaratçylar üçin Aşgabat —Köneürgenç ugry boýunça ýörite otly işe giriziler

12:1118.10.2023
0
44211

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barýan zyýaratçylar üçin ýörite otlyny işe girizer. Bu barada «Demirýollarynyň» resmi web sahypasynda habar berildi.

Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat ýörite otlusy 27-nji oktýabrda ýola düşer. Munuň üçin petekleri Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.

Syýahatçylar zyýaratdan başga-da Daşoguz welaýatynyň täsin tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen hem tanşyp bilerler diýip, habarda bellenilýär.

Köneürgenç miladydan öňki V asyrda döredilen gadymy şäherdir. Şäher özüniň alymlary, binagärleri we senetçileri bilen meşhur bolupdyr. Onuň çäginde täsin binagärlik ýadygärlikleri — metjitler, minaralar, mawzoleýler we gala saklanyp galypdyr.

2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet taryhy we medeni goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu ýer türkmen raýatlary we daşary ýurtlular üçin meşhur syýahatçylyk mekany hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň