Top.Mail.Ru

Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi

17:0412.10.2023
0
25068

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow giriş sözi bilen çykyş edip, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýylsaýyn öňe ilerleýändigini nygtady hem-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň işiniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinden Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady, senagat, ulag-logistika ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi bilen bagly meseleler orun aldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda we Özbegistanda ikitaraplaýyn sergileri guramagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Jamşed Urakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň we agzalarynyň birnäçe duşuşyklary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň